Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ähli ugurlar bilen bir hatarda milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudaklarynyň biri bolan nebitgaz ulgamynda hem giň gerimli işler alnyp barlyp, uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetilýär. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk barha işjeňleşdirilýär we giňeldilýär. Munuň özi baý tebigy serişdelerimiziň doganlyk halklar, goňşy ýurtlar, ähli dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklarymyzyň ösdürilmeginde-de uly ähmiýete eýedigini görkezýär.
Ata Watanymyzda «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we işini kämilleşdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Şu ýylyň 18-nji iýulynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň işe girizilmeginiň ýurdumyzda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport edilýän möçberini artdyrmaga, olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berjekdigini bellemegi hem-de toplumyň dabaraly açylyşyna sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda gatnaşyp, ak pata bermegi türkmen nebitçilerini buýsandyran wakalaryň biri boldy. Bu desganyň kuwwatlylygy ýylda 2 million 60 müň tonna nebit we nebit önümlerini ýüklemäge hem-de 1 million 150 müň tonna nebit we nebit önümlerini düşürmäge mümkinçilik berýär.
Ýurdumyz diňe bir çig mal eksporty bilen çäklenmän, köpugurly, ýokary goşulan bahaly we ekologiýa taýdan arassa energetika ekoulgamyny döretmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýär. Bu strategiýanyň çäklerinde ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek hem-de döwrebap energetika we himiýa klasterlerini döretmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar.
Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, bar bolan turba geçirijileriň ygtybarlylygyny pugtalandyrmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça taslamalary işläp taýýarlamak hem-de olary goldamak, sebit başlangyçlarynyň çäklerinde täze energetika geçelgelerini döretmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy bu ulgamy ösdürmäge saldamly goşant bolup durýar. Şu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Bu taryhy waka mynasybetli geçirilen dabaraly mejlisde Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlarynyň ýurdumyza tebigy gazy uzak möhletleýin esasda eksport etmäge mümkinçilik berýändigini, şunda sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň uly ähmiýete eýedigini nygtady.
Bu transmilli taslama Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir. Ol tutuş sebitiň durnukly ösüşine täze itergi bermäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň depginli ösüşleri şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň guramagynda üstünlikli geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahatda we sergide hem giňden şöhlelendirildi. Ählumumy we sebit meýilleri, syýasy strategiýalar, kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça dialog arkaly energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, döwlet hem-de hususy düzümleriň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam bermek, geljegi uly nebitgaz taslamalary bilen tanyşdyrmak, energetika merkezi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny öwrenmek arkaly sebitde energetika özara baglanyşygyny ösdürmek bu forumyň esasy maksady boldy. Utgaşykly görnüşde geçirilýän giň gerimli foruma dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller gatnaşdylar.
Forumyň «Energetiki geçiş üçin çig mal serişdeleri: maýa goýumlar üçin täze mümkinçilikler» atly mowzuklaýyn mejlisinde maýa goýumlar we innowasiýalar arkaly Türkmenistanyň energetika we nebithimiýa pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň dowamynda Türkmenistanda işleýän öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary dünýäniň strategik taýdan iň ähmiýetli energetika bazarlarynyň birinde iş alyp barmagyň mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Şeýle hem türkmen kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak we taslamalary durmuşa geçirmek babatda tejribe paýlaşdylar.
Mahlasy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň nebitgaz ulgamy, türkmen nebitçileri üçin hem düşümli, rysgal-döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýangyç-energetika toplumynyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz bu ýyly guwandyryjy üstünlikler bilen jemleýärler. Olaryň baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy dünýä derejesinde giňden toýlanylan bu ýylda gazanan ösüşleri, ýeten belent sepgitleri geljekki zähmet üstünliklerine badalgadyr.