Dana türkmen şahyry, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy rumyn dilinde neşir edildi. 8-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabaranyň dowamynda edilen çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň rumyn diline terjime edilmeginiň Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanydygy bellenildi.
Çykyş eden diplomatlar Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň Gündogar edebiýatynyň we dünýä medeniýetiniň taryhynda uly orun eýeleýändigini nygtadylar. Onuň şygyrlary türkmen halkynyň baý edebi mirasynyň, häzirki wagtda möhümligi artýan ynsanperwer gymmatlyklaryň nyşanyna öwrüldi. Magtymgulynyň döredijiliginde Watana söýgi, adam mertebesine hormat, deňlik we adalatlylyk ýaly asylly häsiýetler açylyp görkezilýär. Hut şeýle taglymatlar özara düşünişmek we hormat goýmak köprüsi bolup, halklary hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrýar. Bular barada 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatda-da aýratyn nygtaldy.
“Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň rumyn diline terjime edilmegi iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändiginiň hem aýdyň mysalydyr” diýip, çykyş edenler aýtdylar. Dostlukly halkyň dilinde ilkinji gezek çapdan çykan bu neşir ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny görkezýär. Täze neşir rumyn dilli okyjylaryň Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi bilen has giňişleýin tanyşmaklaryna mümkinçilik berýär. Onda şahyryň belent adamkärçilik häsiýetlerini wasp edýän goşgulary ýerleşdirilendir. Çykyşlarda söz ussadynyň goşgularynyň rumyn diline terjime edilmeginiň diňe bir beýik Pyraga däl, eýsem, tutuş türkmen halkyna bildirilýän uly hormatyň nyşany hökmünde kabul edilendigi nygtaldy.
Aşgabadyň gözel künjeginde açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda dünýä halklarynyň edebiýat we sungat wekilleri bilen bir hatarda, rumyn halkynyň edebiýatynyň ösmegine goşant goşan meşhur şahyr Mihai Emineskunyň heýkeliniň hem oturdylmagy iki halkyň medeni durmuşynda möhüm waka bolup, Türkmenistanyň we Rumyniýanyň dost-doganlyga, hoşniýetlilige esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nobatdaky gezek görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň ösüşi barada-da aýratyn durup geçdiler.
Magtymguly Pyragynyň täze goşgular ýygyndysy rumyn dilini öwrenýän ýaşlar üçin hem möhüm gollanma öwrüler.