744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
10.01.2026
BAE-niň we Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen geleşikleri baglaşdylar

 

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 9-njy ýanwarda geçirilen birža söwdalarynda daşary ýurtly işewürler ýurdumyzyň nebit önümlerine isleg bildirdiler.

Daşarky bazarda BAE-niň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Owganystanyň işewürleri bolsa “Türkmennebit” döwlet konserninden gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 32 372 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.