Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanyň maliýe-tehnologiýa mümkinçiliklerine ýokary baha berýär. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň maliýe-tehnologiýa bazary häzirki wagtda kemala gelmek tapgyrynda bolup, ol mundan beýläk-de ösüş üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Bu barada Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) geçen ýylyň dekabr aýyndaky “Merkezi Aziýada maliýe tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini açmak” atly hasabatynda aýdylýar.
Şeýle-de hasabatda bellenilmegine görä, Türkmenistanda maliýe-tehnologiýa ulgamynyň ösüşine sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, internet hyzmatlaryna elýeterliligiň artmagy hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi ýardam berýär. Bu ugurda döwlet banklary we telekommunikasiýa kompaniýalary möhüm orun eýeleýär.
Sanly bank hyzmatlarynyň esasy hereketlendiriji güýçleri hökmünde Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen birlikde beýleki döwlet maliýe edaralary çykyş edýär. Täjirçilik banklary-da müşderiler üçin ykjam goşundylary we onlaýn hyzmatlary tapgyrlaýyn ornaşdyrýarlar.
AÖB-niň bilermenleriniň pikirine görä, Türkmenistanyň maliýe-tehnologiýa bazary durnukly ösüş mümkinçiliklerine eýedir. Döwlet, banklar we tehnologiýa kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy bu ulgamyň mundan beýläk-de ösüşinde esasy şertleriň biri bolup biler.