«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň çäklerinde iş alyp barýan kärhanalarynyň biri hem «Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligidir. Bu müdirlik boýunça geçen ýylda ýokary ykdysady görkezijilere eýe bolundy. Hususan-da, bu müdirlik tarapyndan gazylyp alnan «gara altynyň» mukdary 668 müň 654 tonnadan gowrak boldy. Netijede, meýilnamadan daşary çykarylan nebitiň möçberi 43 müň 664 tonna golaýlady we müdirligiň nebitçileri degişli meýilnamany 106,99 göterim berjaý etdiler.
Uglewodorod çig malynyň çykarylyşynyň möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri abraý bilen, üstünlikli ýerine ýetirmegi başarýan nebitçiler şu günler has-da öndürijilikli zähmet çekýärler.
Şu ýylyň ilkinji aýynda «Nebitdagnebit» müdirligi ýerasty önümli gatlaklary senagat taýdan özleşdirmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şeýle-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň hyzmat ediş kärhanalary bilen bilelikde uly işleri alyp barýar. Bu bolsa nebitçileriň işleriniň has-da ilerlejekdigine ynamy artdyrýar.