744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
21.01.2026
«Türkmennebitgeofizika» müdirliginde meýilnama 110,9 göterim berjaý edildi

«Türkmennebit» döwlet konserninde amala aşyrylýan özgertmeleri «Türkmennebitgeofizika» müdirliginde bitirilýän işlerden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Burawlanan, şeýle hem buraw işleri dowam edýän guýularda ýeriň geofiziki gatlaklaryny içgin öwrenmek hem-de zerur bolan çäreleri takyk amala aşyrmak ýaly gaýragoýulmasyz işler bu müdirligiň geofizikleriniň tagallasyna bagly bolup durýar. Has anyk kesgitlemeleri, takyk çözgütleri talap edýän şeýle möhüm işlerde müdirligiň barlaghanalary, şol sanda kuwwatly awtoulaglarda oturdylan göçme barlaghanalar netijeli ulanylýar.

Geçen ýyl kärhana boýunça 105 million 339 müň 767 manatlykdan gowrak gözleg-barlag we geofiziki işler özleşdirilip, göz öňünde tutulan meýilnama 110,9 göterim berjaý edildi.

Döwrüň kämil enjamlaryna we tehnologiýalaryna eýe bolan hem-de olary netijeli işletmegiň hötdesinden gelýän Balkanabat şäherindäki «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleridir işçileri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemläp, täze ýylda-da uly zähmet üstünliklerini gazanmak ugrunda yzygiderli yhlas edýärler.