744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
23.01.2026
Hazaryň türkmen kenarynda suw-batgalyk guşlarynyň gyşlamak möwsümi dowam edýär

Her ýyl suw, batgalyk hem-de guryýer guşlarynyň dürli görnüşleri demirgazyk ýurtlardan Hazar deňziniň türkmen bölegine süri-süri bolup uçup gelýärler we Garabogaz şäherinden başlap, Esenguly etrabynyň Çekişler, Aýym, Garşy kenarýaka suwlarynda arly gyşy geçirmek üçin galýarlar. Deňizde sakarbaraklar, ördekleriň dürli görnüşleri, çarlaklar, tersaýaklylar, gazlar, çuluklar, guwlar, ýyrtyjy, serçe şekilli guşlar giňden ýaýrandyr. Bu ýere guşlaryň käbir görnüşleri — gyzylgazlar we uly jüptün ördekler awgust-sentýabr aýlarynda göçüp gelip başlaýarlar.

Hazar deňzi köp görnüşli guşlar üçin esasy mekan bolup durýar. Gyşlamak möwsümi noýabr — fewral aýlarynda dowam edýär. Ýalpak suwly deňiz giňişliklerinde iýmitlenen guşlar mart-aprel aýlarynda ýene-de demirgazyga uçup gidýärler. Olaryň käbir görnüşleri höwürtgeläp köpelmek üçin Türkmenbaşy we Balkan aýlaglarynyň ululy-kiçili adalarynda saklanyp galýar. Olardan kepderi pisintli deňiz çarlagy, sakaw çarlagy, alaburun çärigi, derýa çärigi, kiçi çärigi, uly tersaýagy, uzyn çüňkli jüptün, uly jüptün, ýaşylbaş ýaly ördekleri, kaşykburny, sakarbaragy mysal getirmek bolar. Hazar deňziniň türkmen böleginiň suwly, batgaly ýerlerinde almabaş, gyzylbaş, garamtyl, kekilli garamtyl, ýaşylbaş, sykylykçy jünekeý ördekleriniň we beýleki suw guşlarynyň birnäçe görnüşine gabat gelmek bolýar.
Suwda ýüzýän we batgalyk guşlaryň gyşlamagynda Hazaryň türkmen kenarýakalarynyň halkara ähmiýetini nazarda tutup, 1971-nji ýylda Türkmenbaşy we Demirgazyk Çeleken aýlaglary gymmatly suw-batgalyk ýerler hökmünde Ramsar Konwensiýasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanda 2008-nji ýylda Ramsar Konwensiýasy tassyklanyldy hem-de 2009-njy ýylda Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýerleriniň guşlar üçin uly ähmiýete eýedigi bellenilip, suw-batgalyk ýerleriň halkara derejesine mynasyp boldy.

1967-nji ýyldan bäri her ýylyň ýanwar aýynyň ikinji ongünlüginde dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda suw we batgalyk guşlaryň gyşky sanawy geçirilýär. «Hazar» döwlet tebigy goraghanasynyň öňünde durýan esasy wezipelere laýyklykda, goraghananyň işgärleri gyşlamaga gelýän guşlary ylmy taýdan öwrenmek we gorap saklamak boýunça dünýä ýüzünde geçirilýän ylmy işlere hem uly goşant goşýarlar. Guşlaryň sanawyny geçirmek boýunça her ýylky ylmy barlaglara biologiýa ylymlarynyň doktory, ornitolog Eldar Rustamow, tejribeli ornitolog-hünärmen Aleksandr Şerbin hem-de biologiýa ylymlarynyň kandidaty, ornitolog alym Jumamyrat Saparmyradow dagy gatnaşýar. Ylmy gözegçilikler we sanaw işleri suw giňişliginde kiçi göwrümli asma motorly gaýyklary ulanmak, gury ýerde awtoulaglar arkaly hem-de pyýada ýerine ýetirilýär. Guşlaryň möwsümleýin göçüşlerini bellige almak işleri goraghananyň meýdanlarynda alnyp barylýar.