744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.01.2026
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 23-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Hökümet mejlisinde ilki Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurdumyzda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, kabul edilen kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunda häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda halkara tejribe öwrenilip, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça işleriň amala aşyrylýandygy aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde soňra wise-premýerler öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer ulgamlar, daşary syýasat hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler. Hasabatlarda hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli düzümlerde ýerine ýetirilmeli işler bilen bagly käbir tekliplerdir taslamalar hem hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, hödürlenen degişli teklipleri makullady we ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.