Türkmenistanda nebitgaz toplumy üçin halkara tejribesi bolan hünärmenleri taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada 23-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Batyr Amanowyň hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyna dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynda ýokary derejeli, halkara tejribesi bolan hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.