«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň işgärleriniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäklerinde ýerleşýän Atabaý meýdançasynda alyp baran gözleg-burawlaýyş işleriniň netijesinde, Merkezi Garagum gazly ülkesine degişli bu meýdançada taslama çuňlugy 1 müň 200 metr bolan Atabaý-1 baha beriş guýusy üstünlikli burawlanyp, ýokary netijeler alyndy. Geologik taýdan aşaky we ýokarky mel döwrüne degişli dokuz sany gatlakda geçirilen gözleg-synag işleriniň netijesinde, olaryň sekiz sanysynyň gazlydygy anyklanyldy. Ekspedisiýanyň hünärmenleriniň geçiren gözleg-agtaryş işleri netijesinde 1 müň 136 — 1 müň 134 metr çuňluk aralygynda bir gije-gündiziň dowamynda 284 müň kub metr tebigy gaz bermäge ukyply, senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymynyň alynmagy aýratyn bellärliklidir. Bu üstünlik ýurdumyzda nebitgaz we geologiýa pudagyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň yzygiderli üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezýär. Pudagy döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alynýan häzirki zaman tehnikalarynyň we mehanizmleriniň önümçilige ornaşdyrylmagy gaz ýataklaryny özleşdirmek işleriniň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýar.
Häzirki wagtda Atabaý meýdançasynyň 1-nji baha beriş guýusyndan alnan tebigy taýdan arassa, kükürtsiz «mawy ýangyjy» sarp edijilere ýetirmek maksady bilen, guýyny önümçilige girizmek üçin degişli önümçilik müdirligine tabşyrmak meýilleşdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, şeýle-de eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge goşant goşar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýlarynda gazanylan bu zähmet ýeňşi nebitgaz gözleýjiler üçin aýratyn ruhubelentlige beslendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň dabaralandyryljak ýylynda täze üstünliklere ýetmäge ruhlanýan nebitgazçy hünärmenler Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak ugrunda tutanýerli zähmet çekmegi özleriniň mukaddes borjy hasaplaýarlar.