744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
04.03.2026
Türkmenbaşy portunda ýyllyk ýük dolanyşygy 7 million 316 müň 326 tonna boldy

Geçen ýyl Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýerine ýetirilen işleriň netijeliligine göz ýetirmek üçin bu babatdaky sanlardyr maglumatlara göz aýlamak ýeterlikdir. 2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlary aralygynda portuň jemi ýük dolanyşygy 7 million 316 müň 326 tonna barabar boldy. Bu görkezijide eksport ýükleriniň paýy 4 million 465 müň 956 tonna; import ýükleriniňki 1 million 522 müň 793 tonna; üstaşyr ýükleriň paýy bolsa 1 million 327 müň 576 tonna deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, umumy ýük dolanyşygynda 15,2 göterim ösüş depgininiň gazanylmagy Türkmenistanyň logistika strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

«Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň garamagyndaky 20 sany döwrebap gämi Hazar deňziniň iň işjeň gämileriniň hataryna girdi. 2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynyň netijelerine görä, bu gämiler arkaly 2 million 454 müň 106 tonna ýük, 20 müň 267 sany awtoulag we 3 müň 207 sany konteýner bellenen menzillerine ýetirildi. Şeýle hem milli flotumyz 170 müň 162 sany ýolagça ýokary hilli hyzmat edip, içerki we halkara gatnawlaryň ygtybarlylygyny artdyrdy.

Gürrüňi edilýän ýylda gazanylan ösüş depgini we artan ýük dolanyşygy portuň sebitleýin merkez hökmündäki ornuny tassyklaýar. Esasan-da, eksportyň importdan ep-esli ýokary bolmagy ýurdumyzyň ykdysady diplomatiýasynyň netijeliligini görkezýär.

Täze gurulýan gämiler milli flotuň halkara deňiz söwdasyndaky paýyny ýokarlandyrar. Bu bolsa daşarky daşaýjylara bolan garaşlylygy azaldyp, ýurdumyza gelýän girdeji akymyny artdyrar. Şonuň ýaly-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýakyn 5 — 10 ýylyň içinde Hazar deňzinde diňe bir «ýük duralgasy» bolman, eýsem, maglumatlaryň, ýokary tehnologiýalaryň we senagat gurluşygynyň utgaşýan strategik nokadyna öwrüler. 2025-nji ýyldaky ösüş depgini we jemi ýük dolanyşygy geljekki bäş ýyl üçin uly binýat döretdi. Bu görkezijilerden hem-de Azerbaýjan we Gruziýa bilen baglaşylan ylalaşyklardan ugur alyp, 2026-njy ýylda üstaşyr geçiriljek ýükleriň möçberiniň 20 — 25 göterim artyp biljekdigini çak etmek mümkin. 2030-njy ýyla çenli bolsa portuň ýyllyk umumy ýük dolanyşygy, esasan, konteýner daşamalarynyň «Klang» porty we Ýaponiýanyň tejribesi esasynda giňeldilmegi netijesinde 12 — 15 million tonna çenli ýetip biler.

Malaýziýanyň we Ýaponiýanyň tejribeleriniň esasynda ornaşdyrylýan «ýaşyl» port (Green Port) syýasaty we sanlylaşdyrmak amallary çykdajylary azaltmaga gönükdirilendir. Sanly port ulgamynyň doly işe girizilmegi bilen, ýükleri kabul etmek we ugratmak üçin sarp edilýän wagt 30 göterim gysgalar. Netijede, her ýyl goşmaça 500 — 800 müň tonna ýüki artykmaç geçirmäge mümkinçilik dörär. Şol bir wagtyň özünde, Azerbaýjan we Gruziýanyň logistik kompaniýalary bilen gazanylan multimodal ylalaşyklar Hazarüsti geçelgesiniň özüne çekijiligini artdyrar. Bu bolsa Hytaýdan Ýewropa barýan ýükleriň wagt dowamlylygyny 12 — 15 güne çenli gysgaldyp, Türkmenbaşy portuna gelýän üstaşyr girdejileriň ýyllyk ortaça 10 — 12 göterim artmagyny üpjün eder.

2026-njy ýyl üçin ykdysady çaklamalar hem bu ösüşi tassyklaýar. Umumy ýük dolanyşygynyň 8,4 million tonna ýetmegi (+15 %) we konteýner daşamalarynyň 4 müň 500 konteýnere çenli artmagy (+40 %) garaşylýan esasy ösüş sepgitleridir.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň geljegi Hazar sebitiniň iň iri gämi gurluşyk we ýokary tehnologiýaly logistik merkezine öwrülmekden ybaratdyr. Koreýa Respublikasy bilen baglaşylan täze şertnamalar we döwlet derejesindäki goldawlar bu strategik özgertmeleriň kepilidir.

Çeşme: "Türkmenistan" gazeti