22-nji maýda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler. Häzirki wagtda oňa taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar.
13-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine we Daşary işler ministrligine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde agzalan halkara çäräni ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.
Karar Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini ýokary derejede geçirmek maksady bilen kabul edildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi