Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde 13-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasynda yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdiler.
Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasynda dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenilip, döwletara dialogy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Milli Liderimiz şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek halkara çäreleriň ähmiýetini belledi. 2026-njy ýylyň oktýabrynda geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine Prezident Wladimir Putiniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigine ünsi çekdi. Türkmen talyplarynyň dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy birnäçe teklipleri beýan etdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi