«Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň ýerlerdäki kärhanalary 2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynda guwandyryjy zähmet üstünligini gazandylar. Müdirlik tarapyndan ýyllyk meýilnamanyň dörtden bir bölegi eýýäm ýanwar we fewral aýlarynda berjaý edildi.
Şu ýyl bu müdirlik tarapyndan welaýatyň çäginde täze gaz geçirijileriň 44 kilometrden gowragyny çekmek meýilleşdirildi. Şonuň 10,5 kilometre golaýy ýylyň ilkinji iki aýynda çekilip, täze döredilýän ilatly ýerleriň ýaşaýjylary mawy ýangyjyň hözirini görüp başladylar.
Gaz geçirijileriň agramly bölegi şu ýyl oba ýerlerinde çekildi. Has takygy, ýylyň başyndan bäri Dänew etrabynyň Dänew şäherinde, Saýat etrabynyň Sakar, Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçelerinde, Dänew etrabynyň Göýnük, Çärjew etrabynyň Hojaili, Farap etrabynyň Hojakenepsi, Bitik, Jendi, Halaç etrabynyň Pelwert, Esenmeňli, Altyn asyr, Köýtendag etrabynyň Akgumolam geňeşliklerinde döredilen ilatly ýerlere çekilen gaz geçirijileriň uzynlygy 9 kilometre golaýlady. Ýylyň dowamynda Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherine, Ters geňeşligine, Döwletli etrabynyň Amyderýa şäherçesine, Hojambaz etrabynyň Gyzylgum we Burdalyk geňeşliklerine, Kerki etrabynyň Gyzylaýak geňeşligine, Halaç etrabynyň Çohpetde şäherçesine, Garabekewül etrabynyň Garabekewül şäherine, Lamma we Akgala geňeşliklerine, Saýat etrabynyň Mülk, Esgi, Garamahmut, Zyýadagsakar geňeşliklerine, Farap etrabynyň Farap şäherine, Hanoba, Kraç, Garamyş, Osty geňeşliklerine, Çärjew etrabynyň Amyderýa, Bereket, N.Gutlyýew adyndaky geňeşliklerine, Dänew etrabynyň Dänew, Seýdi şäherlerine, Ýyldyz geňeşligine, Darganata etrabynyň Darganata şäherine, Çarwadar we Sedwer geňeşliklerine täze gaz geçirijileri çekmek meýilleşdirilýär.
Türkmenabat şäherinde hem täze döredilen ýaşaýyş toplumlaryny gazlaşdyryş işleri dowam edýär. Şu ýyl şäherde çekiljek täze gaz geçirijileriň umumy uzynlygy 5 kilometre ýeter. Şonuň 1 kilometr 300 metrden gowragynyň gurluşygy eýýäm tamamlandy. Has takygy, şunça uzynlykdaky geçirijiler şäheriň Azatlyk şäherçesinde çekilip, ýylyň ahyryna çenli bu şäherçede täze çekilen gaz geçirijileriň uzynlygy 2 kilometre ýeter. Galan 3 kilometrlik geçirijiler bolsa şäheriň eteginde paýlanyp berlen mellek ýerlerine çekiler.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti