Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.
Ilki Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Soňra wise-premýerler öz gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ýurduň daşary syýasaty, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini belledi. “Biziň alyp barýan syýasatymyz netijesinde ata Watanymyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär, önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, täze, döwrebap kärhanalary gurmaga we bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp galandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. “Şeýle hem täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de öňde goýlan maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara zenanlar gününi dabaraly bellemek we 8-nji martdaky dynç gününi 9-njy marta — duşenbe gününe geçirmek barada resminama gol çekdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.