744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
12.03.2026
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde döwrebap tehnologiýalar boýunça açyk sapak geçirildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaşlaryň sanly tehnologiýalara bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, olara häzirki zaman IT ösüşleri we täze mümkinçilikler barada maglumat bermek maksady bilen, “Sanly geljek: emeli aň, wirtual aktiwler we startap mümkinçilikleri” atly açyk sapak geçirildi. Ol Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça merkezi tarapyndan bilelikde guraldy.

Açyk sapakda "Ýaş telekeçiler" merkeziniň utgaşdyryjysy, “Döwletli nesibe” hojalyk jemgyýetiniň direktory Haknazar Haljanow çykyş edip, häzirki döwürde dünýäde uly ösüşlere eýe bolýan sanly tehnologiýalar, emeli aňyň mümkinçilikleri we olaryň dürli pudaklarda ulanylmagy barada giňişleýin gürrüň berdi. Şunda sanly sowatlylygyň häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridigi nygtalyp, ýaşlaryň täze tehnologiýalary öwrenmekde we innowasion pikirleri durmuşa geçirmekde işjeň bolmagynyň wajypdygy bellenildi.

Haknazar Haljanow wirtual aktiwleriň ykdysadyýetdäki orny, IT ulgamynyň ösüş ugurlary hem-de startap taslamalaryny döretmegiň mümkinçilikleri barada hem giňişleýin maglumat berdi.

Soňra açyk sapak talyplaryň arasynda gyzgalaňly pikir alyşmalar bilen dowam etdi. Olar özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip, degerli maslahatlary aldylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi