Ilatyň tebigy gaza islegini kanagatlandyrmakda «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň «Garagumetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary uly tagallalar edýärler. Olar tarapyndan ozal oturymly ýerlere çekilen gaz geçirijileriň işine göwnejaý gözegçilik edilip, täze göçüp baran hojalyklara tebigy gaz çekilýär. Bu edara etrap merkezini hem-de sekiz geňeşligiň çäginde ýaşaýan 10 müň 690 töweregi ýaşaýjynyň ojaklaryny mawy ýangyç bilen üpjün edýär.
Degişli meýilnama laýyklykda, etrapda täze mellek ýerlerinde 5 kilometr aralyga gaz çekmeli. Hünärmenler il bähbitli bu döwletli işi aprel aýynda doly tamamlamagy hem-de täze hojalyklardyr beýleki ýaşaýyş jaýlaryny meýilnamadaky möhletden öň tebigy gaz bilen üpjün etmegi maksat edinýärler.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti