«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen iki aýynda gazanan guwandyryjy netijeleri Balkan welaýatynyň edara-kärhanalarynyň, önümçilik pudaklarynyň ýokary ruhubelentlikde zähmet çekip, meýilnamalaryna üstünlikli amal edýändiklerine güwä geçýär. Ýokary görkezijilere eýe bolýan şeýle kärhanalaryň arasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem bar.
Zawodlar toplumynyň hünärmenleridir işçileri hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda has yhlasly zähmet çekýärler. Bu ýerde ýokary hilli nebit we nebit önümleri öndürilýär.
Şu ýylyň geçen hasabat döwründe kärhananyň hünärmenleri ýokary hilli nebit we nebit önümlerini öndürmekde, olary içerki hem-de daşarky bazarlara çykarmakda hem ýokary zähmet üstünliklerine eýe boldular. Awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan toplumda ýylyň başyndan bäri «gara altynyň» 780 müň 700 tonnasy gaýtadan işlenilip, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 112,2 göterim ösüş gazanyldy.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti