Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 12-nji martda geçirilen birža söwdalaşyklarynda hem ýurdumyzyň nebit önümlerine isleg bildirdiler.
Hususan-da, daşarky bazarda Türkiýäniň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn aldylar.
Şeýle-de olar ýerli işewürlerden kreton matany we nah ýüplügi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Estoniýanyň işewürleri bolsa ýurdumyzyň işewürlerinden regenirlenen süýümi satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 835 720,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.