744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
14.03.2026
Nebit önümlerine Türkmenistanyň we BAE-niň işewürleri isleg bildirdi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 13-nji martda geçirilen söwdalaşyklarda ýurdumyzyň nebit önümleri hem uly islege eýe boldy.

Hususan-da, daşarky bazarda BAE-niň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn aldylar. Olar şeýle hem ýerli işewürlerden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Birža söwdalarynda içerki bazarda ýurdumyzyň işewürleriniň we “Türkmennebit” döwlet konserniniň baglaşan geleşikleri “TPP Z 30 G” hem-de “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak bilen bagly boldy.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 84 000 000,00 manada we 1 650 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy