744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
14.03.2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Hökümet mejlisiniň başynda döwlet Baştutanymyz, asylly däbe laýyklykda, iş kesilen 336 raýatyň Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly zerur işleri geçirmegi tabşyrdy, günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigi babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, häzirki wagtda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, migrasiýa, daşky gurşawy goramak bilen bagly we başga-da birnäçe hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra wise-premýerler­ gözegçilik e­dýän ulgamlarynda aln­yp barylýan işler, ykdysadyýetiň degişli pu­daklaryny mundan beýläk­-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çä­reler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýe­tirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak­ çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barad­a hasabatlary berdile­r.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlar­y diňläp, ýurdumyzyň dürl­i ulgamlarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak ­çäreler, pudaklary mu­ndan beýläk-de ösdürm­ek ugrundaky wezipele­r bilen baglylykda d­egişli ýolbaşçylara a­nyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi