744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
14.03.2026
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-üpjünçilik binýadyny berkitmek barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-üpjünçilik binýadyny berkitmek bilen bagly Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi.

Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi