744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
14.03.2026
Türkmenistanda nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär

13-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bu ugurdaky işler geljegi uly nebit we gaz ýataklarynda ulanyş, gözleg-barlag guýularynyň gazuw, özleşdirmek işlerini bökdençsiz alyp barmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirmek, buraw işlerini ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady hem-de bu ugurda taýýarlanan Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi