744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
16.03.2026
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde göçme sergiler guraldy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklarynyň we kitaplaryň göçme sergileri guraldy. Bilelikde tassyklanan degişli Tertipnama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleri çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Halkymyzyň köpöwüşginli medeni we edebi mirasyny, asylly däp-dessurlaryny, olaryň aýratynlyklaryny, milli gymmatlyklarymyzy ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli guralan bu çäräniň esasy maksady hökmünde kesgitlendi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi