744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
16.03.2026
Nebitgaz senagatynyň önümleri birža söwdalarynda içerki bazarda ýerlenildi

Nebitgaz senagatynyň önümlerine Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 14-nji martda geçirilen söwdalarynda içerki bazarda isleg bildirildi.

Hususan-da, içerki bazarda ýurdumyzyň işewürleri “Türkmengaz” döwlet konserninden tehniki kükürdi we “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda bolsa BAE-niň we Türkiýäniň işewürleri türkmen işewürlerden 1-nji hilli bugdaý ununy, ýuwlan garaköli tokly ýüňüni satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 107 458 600 manada we 1 317 910 ABŞ dollaryna deň bolan 14 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy