744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
16.03.2026
Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini berdi

Türkmenistan goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna we çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan kömek hökmünde ynsanperwerlik ýüküni ugratdy. Bu haýyr-sahawat çäresiniň külli musulman dünýäsinde mübärek Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde, mukaddes Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda amala aşyrylmagy aýratyn bellärliklidir. Bu waka türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň, asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugyna laýyklykda, goňşy eýran halkyna, ilkinji nobatda, bu ýurduň çagalaryna derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, beýleki önümler dost-doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde iberildi.

Ynsanperwerlik kömegi ugradylandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary ýurdumyzyň din wekilleri bilen bilelikde Arkadag şäheriniň çäginde bina edilýän 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy we onuň içki bezeg işlerinde ulanylýan serişdeler bilen tanyşdylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi