Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji martda Aşgabatdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda agzaçar sadakasyny berdiler. Oňa ýurduň müftüsi, ähli welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular, dili senaly eneler, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Bu waka “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň mübärek Oraza aýynyň mukaddes Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda amal edilýän sogap işleriň üstüni ýetirdi.
“Bilşiňiz ýaly, ertir — mukaddes Gadyr gijesi. Türkmen halky — gursagy Allaly halk. Yslam dininiň gymmatlyklary biziň öňden gelýän türkmençilik däplerimiz bilen berk baglydyr. Mukaddes Oraza aýynda agzaçar sadakasyny bermek hem asylly, sogap işleriň biridir” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy hem-de mübärek Oraza aýynda tutulýan orazalaryň, ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.
Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy we sadaka gatnaşyjylara dürli tagamlar çekildi. Olardan dadylandan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşandyklary üçin hemmelere sagbolsun aýtdy we doga-dilegleriň, okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi.