Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň jemi 34-si hasaba alyndy. Olaryň arasynda içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümlerini satyn almak boýunça baglaşylan geleşikleriň hem köpüsi bar. Munuň özi her hepdäniň jemleri boýunça birža söwdalarynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümlerine-de uly isleg bildirilýändigini görkezýär.
Hususan-da, geçen hepdede daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gruziýanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagy daşary ýurt pulunda satyn aldylar.
Içerki bazarda bolsa ýurdumyzyň işewürleri jemi bahasy 229 million 413 müň manatdan gowrak bolan geleşikleri baglaşyp, «Türkmennebit» döwlet konserninden polipropileni we binýatlyk ýagy, «Türkmengaz» döwlet konserninden tehniki kükürdi satyn aldylar. Olar şeýle hem pagta soapstogynyň distillirlenmedik çig ýag turşulygyny, boýalan tüýjümek matany, ýüpek we nah matany, bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.