Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň ahyrynda Hökümet agzalaryny, mähriban halkymyzy Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.