744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
23.03.2026
Hormatly Prezidentimiz Pakistanyň ýolbaşçylaryna gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Gutlag hatynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge hem-de ony täze derejä çykarmaga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, rowaçlyk, Pakistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi