744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
21.03.2026
Türkmenistan Hytaý bilen nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyny ilerledýär

Wise-premýer Guwanç Agajanow 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (СNPC) ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynyň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, duşuşyklaryň dowamynda gaz pudagynda hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek hem-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň gaz pudagyny has-da ösdürmek, onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek maksady bilen taýýarlanylan degişli resminamanyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi hem-de bu möhüm taslamany durmuşa geçirmäge döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda Milli Liderimiziň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda netijeli duşuşyklar geçirilip, möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny, nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk, hususan-da, “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça hem gepleşikleriň geçirilendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu taryhy taslamanyň amala aşyrylmagynyň ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylyşyny has-da artdyrmaga, köp sanly täze iş orunlaryny döretmäge ýardam etjekdigini aýdyp, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegi hakynda Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi