744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.03.2026
Uzynadadaky täze guýuda nebit we gaz kondensatynyň bol akymy alyndy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Uzynada nebit-gazly käninde hem netijeli işleri alyp barýarlar. Ýerasty ýangyç çig malynyň baý gorlaryna eýe bolan bu meýdançada ýakynda 75-nji ulanyş maksatly guýynyň gazuw işleri üstünlikli tamamlandy.

Konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Körpeje» buraw işleri müdirliginiň buraw başlygy Tagangeldi Amanow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparynyň hünärmenleri bu täze guýynyň Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen «ZJ – 70 – DB» kysymly buraw desgasynda amala aşyrylan gazuw işlerini ýokary hilli ýerine ýetirip, meýilnamany bellenilen möhletinde tamamlamagyň hötdesinden geldiler.

Täze guýynyň taslama çuňlugy 6 müň 800 metre deň bolup, onda özleşdirme işleri üstünlikli geçirildi we nebit hem-de gaz kondensatynyň bol akymy alyndy.

Burawlaýjylar tarapyndan tehniki-sazlaýyş işleri üstünlikli tamamlanan täze guýy «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirligine ulanyşa berildi. Häzirki wagtda ol bir gije-gündizde 91,7 kub metr nebit we gaz kondensatyny berýär.

Uzynada käninde häzirki wagtda gazuw işleri ýokary depginlerde alnyp barylýan guýularyň sany üçe ýetýär. Şunda kämil buraw desgalary has çuň gatlaklarda ýerleşýän ýangyç çig malynyň baý gorlaryna aralaşmaga ýardam edýär.

Şoňa görä-de, şu günler hünärmenler has çuň gatlaklara ynamly aralaşmagy maksat edinip, Barsagelmez, Günorta Bugdaýly, Atjan, Altyguýy, Ekizak ýaly känlerde gaýratly zähmet çekýärler.

 

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti