Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdedäki birža söwdalaşyklarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Şolaryň köpüsi ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerini satyn almak bilen bagly geleşiklerdir.
Hususan-da, geçen hepdede Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagy, “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy daşary ýurt puluna satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň telekeçilerine dokma önümleri, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, boýalan we jins matalar ýerlenildi. Daşarky bazardaky söwdalaşyklarda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 889 müň dollaryndan gowrak boldy.
Içerki bazarda ýurdumyzyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden jemi bahasy 26 million 251 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, binýatlyk ýagy, gaplaýyş plýonkasyny satyn aldylar.