744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.03.2026
Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi okuw maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde amaly-usuly okuw maslahaty geçirildi. Ol kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmek, döwrüň talabyna laýyk alyp barmak, işleriň dogry ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen guraldy.

Maslahata degişli pudagyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, gaznaçylary gatnaşdylar. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Merkezi derňew toparynyň başlygy Allamyrat Sähetmyradow, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maliýe we ykdysady bölüminiň hünärmeni Amangeldi Annaberdiýew, KA-nyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň hukuk gözegçisi Gurbanmyrat Hojamgulyýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Maýagözel Berdiýewa dagy çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda gazanylýan ýokary netijelerde, ýetilýän belent sepgitlerde jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda KA-nyň agzalarynyň goşandy uludyr. Olar önümçiliklerde göreldeli zähmet çekmek bilen birlikde, jemgyýetçilik işlerinde hem işjeňlik görkezýärler.

Maslahatyň barşynda KA-nyň işini kämilleşdirmek bilen bagly pikirlerdir teklipler aýdyldy, işleri talabalaýyk berjaý edip, dogry guramak barada maslahatlar berildi, şeýle-de sowal-jogap alşyldy.

 

Çeşme: "Ussat news" elektron gazeti