Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem giňden bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli bu ýerde aýdym-sazly dabara geçirilip, oňa mugallymlardyr talyplar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.
Baýramçylyk çäresi mekdebiň talyplarynyň edebi-çeper çykyşlary bilen başlandy. Olar Nowruz baýramynyň taryhyny, türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, ynsanperwerlik ýörelgelerini çeper wasp etdiler. Şeýle-de zehinli talyplar türkmen halk aýdymlaryny we häzirki zaman estrada sazlaryny ýokary derejede ýerine ýetirdiler.
Dutaryň owazy, onuň bilen ýerine ýetirilen aýdymlar dabaranyň baýramçylyk ruhuny has belende göterdi.
Joşgunly ýerine ýetirilen «Küştdepdi» tansy bolsa dabara gatnaşanlaryň hemmesinde ýakymly täsirleri galdyrdy.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti