Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 24-nji martda geçirilen söwdalaşyklarda ýurdumyzyň nebit önümlerine içerki bazarda-da, daşarky bazarda hem isleg bildirildi.
Hususan-da, daşarky bazarda Türkiýäniň, Owganystanyň we BAE-niň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni we “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar. Şeýle-de BAE-niň telekeçileri bolsa ýerli işewürlerden ýeňil senagatynyň önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP Z 30 G” kysymly polipropileni, “SN-600” we “SN-350” kysymly başlangyç ýagyny hem-de soekstrudirlenen gaplama örtügini satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 9 million 130 müň manada we 2 million 924 müň 345 ABŞ dollaryna deň bolan 12 geleşik baglaşyldy.