744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
26.03.2026
Birža söwdalarynda nebit önümlerini daşarky bazarda satyn aldylar

25-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerine daşarky bazarda uly isleg bildirildi.

Hususan-da, daşarky bazarda Owganystanyň we BAE-niň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “A-92” kysymly ulag benzinini satyn aldylar. Gruziýanyň telekeçileri bolsa “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda ýurdumyzyň işewürleri “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 25 million 715 müň manada we 35 million 837 müň amerikan dollaryna deň bolan 13 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy