744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
26.03.2026
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde wodorod energetikasy boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär

Türkmenistanda wodorod energetikasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” kabul edilip, ol häzirki wagtda yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýanynda ugurdaş merkeziň döredilmegi bu ugurda wajyp ädim boldy. Merkezde Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri we kompaniýalary bilen bilelikde tebigy gazy plazmohimiýa usuly arkaly gaýtadan işlemek boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär, şeýle hem arassa wodorody almak üçin suwuň elektroliziniň tehnologiýalary işlenip taýýarlanylýar.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň, tebigy gazyň ägirt uly gorlary ýurdumyzda ýaşyl we mawy wodorody öndürmek üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda Ýaponiýanyň, Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalary bilen ilkinji synag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýlelikde, wodorod pudagynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bir hatarda, täze ýokary tehnologiýaly iş orunlaryny döretmäge, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge ýardam berer.

Türkmenistan öz energetika diplomatiýasyny häzirki wagtda barha ilerledýär. Ýurdumyzyň energiýanyň ygtybarly daşalmagyny üpjün etmek boýunça başlangyçlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda beýanyny tapýar. Munuň özi energetika eksportynyň täze, has durnukly we ygtybarly ulgamynyň arhitektory hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.

Dünýäniň energetika bazarynda häzirki wagtda wodoroda geljegiň ýangyjy we uglerod bitaraplygyny gazanmagyň esasy guraly hökmünde garalýandygyny bellemek gerek. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, 2050-nji ýyla çenli dünýäniň energetika bazarynda wodorodyň paýynyň 12 — 15 göterime ýetmegine garaşylýar. Bu bolsa tehnologik özgertmeleri amala aşyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji ýerde durýan Türkmenistan bu ählumumy işde işjeň orny eýelemäge çalyşýar.

Kuwwatly wodorod klasterini döretmek ýurdumyzda milli energetika pudagyny ösdürmegiň geljekki ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz halkara forumlarda, şol sanda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” formatyndaky sammitde Türkmenistanyň wodorod energiýasynyň ählumumy bazaryny döretmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň howandarlygynda 2030 — 2040-njy ýyllar döwri üçin wodorod energetikasyna geçmegiň ählumumy maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça teklibi bu ugurda möhüm başlangyçlaryň biridir.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi