Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 3-nji aprelde Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisde şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýylyň birinji çärýeginde milli parlament tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Soňra wise-premýerler öz gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ýurduň daşary syýasaty, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Hökümet agzalaryna ýüzlenip, geçen üç aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belläp: “Ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär» diýdi we Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, ýurdumyzda sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we ähli halkymyzy bu baýramçylyk bilen gutlady.
Öz nobatynda, mejlise gatnaşyjylar hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza gutlaglaryny beýan etdiler.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.