Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçe gurlar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 7-nji aprelde degişli Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, şäherçäni 2026 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak bellenildi.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine guruljak täze, döwrebap şäherçäniň baş meýilnamasyny 3 aý möhletde işläp düzmek, şäherçäniň binalarynyň we desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek üçin öz garamagynda Gurulýan desgalaryň direksiýasyny bellenen tertipde döretmek tabşyryldy.
Karar “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.