8-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe sagatdan türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Wena-Şwehat Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Awstriýa Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň resmi wekilleri mähirli garşyladylar.
Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň alyp barýan işi ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň wajyp guraly hökmünde çykyş edýär. Bu düzümiň yzygiderli geçirilýän mejlisleri gazanylýan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini seljermäge, söwda, maliýe we maýa goýum ulgamlarynda täze ugurlary kesgitlemäge, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan senagat pudagynda gurluşyk hem-de gaýtadan işleýän senagatda baý tejribesi bolan Awstriýanyň tehnologik innowasiýalaryny çekmäge uly gyzyklanma bildirýär. Awstriýanyň kompaniýalary iri şähergurluşyk, senagat taslamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşyp, halkara hil we ekologik howpsuzlygyň standartlaryna laýyk gelýän ýokary tehnologik çözgütleri ornaşdyrýarlar.
Ulag-kommunikasiýa ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan strategik ugry hökmünde çykyş edýär.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ekologik talaplara laýyk getirmegi maksat edinýändigini nazara almak bilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, uglerod zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlyk durnukly geljegiň bähbidine bilelikdäki işler üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Iki ýurduň halklaryny ruhy taýdan birleşdirmekde, medeni alyşmalary işjeňleşdirmekde Türkmen-awstriýa jemgyýetine esasy orun degişlidir. Ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem yzygiderli ösdürilýär.
Türkmenistan we Awstriýa hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassyklaýarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna sapary dowam edýär.