Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýöriteleşdirilen binýatlyk kafedrasynda geljekki nebitgazçy talyplar üçin göçme okuw sapagy geçildi. Ony bu ýokary okuw mekdebi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilelikde gurady.
Okuw sapagyna uniwersitetiň nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy hünäriniň 2-nji ýyl talyplary we mugallymlary gatnaşdylar.
TYA-nyň Himiýa institutynyň alymlary we hünärmenleri göçme okuw sapagynyň dowamynda ylmy-barlag institutynyň bölümleri, alnyp barylýan ylmy işler bilen tanyşdyrdylar.
Soňra talyplar TYA-nyň Himiýa institutynyň tejribehanalarynda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri, tejribehana enjamlary, geçirilýän barlaglar, bu ýerdäki kitaphanada öz hünärine degişli edebiýatlar bilen tanyşdylar.