Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasynyň paýtagty Yslamabat şäherindäki ilçihanasynda 7-nji aprelde dostlukly ýurduň Lahor söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Onda pakistan tarapyna agzalan edaranyň Baş sekretary Şahid Halil ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň barşynda Pakistanyň wekilleri Türkmenistanyň ägirt uly tebigy gaz gorlary, nebit önümleri babatdaky mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de olara ýurdumyzyň dokma we oba hojalyk harytlarynyň eksporty esasynda ýokarlanýan söwda-eksport mümkinçilikleri barada gürrüň berildi.
Söhbetdeşlikde şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän we dünýäniň dürli künjeklerinden ýüzlerçe telekeçileri bir ýere jemlejek halkara forumlara aýratyn üns berildi.
Taraplar özara bähbitli söwda gatnaşyklarynyň täze ýollaryny tapmaga we iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki forumlardyr sergilere işewürleriň işjeň gatnaşmaklaryna bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Türkmen döwletiniň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi myhmanlara ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler barada giňişleýin maglumat berip, şol özgertmeleriň daşary söwdanyň ösmegine we Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine has işjeň gatnaşmagyna uly itergi berýändigini nygtady.
Pakistanyň wekilleri iki ýurduň işewürlik jemgyýetleriniň arasyndaky iş ýüzündäki gatnaşyklary giňeltmek we täze mümkinçilikleri öwrenmek maksadynda Türkmenistanyň ilçihanasy bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.