Awstriýa saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy aprelde Wenada Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy.
Hanym Neda Berger duşuşmaga wagt tapandygy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda şu gezekki saparynyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boljakdygyny belledi.
Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hanym Neda Bergeriň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylýar. Şunda özboluşly döredijilik birleşmesi bolan «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestrine aýratyn orun degişlidir.
Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän aýratyn ünsi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň örän uludygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de hanym Neda Berger medeni hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ileri tutulýan ugurlarynyň biri boljakdygyna berk ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.