744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
11.04.2026
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi

10-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Türkmenabat şäherinde geçirilen Hökümet mejlisinde ýurdumyzy, şol sanda Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine garaldy, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa döwletimiziň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra wise-premýerler­ öz gözegçilik e­dýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, şol sanda Lebap welaýatyndaky degişli edara-kärhanalar tarapyndan amala aşyrylan işleriň netijeleri we dowam etdirilýän özgertmeler, ozal berlen tabşyryklaryň, bu sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipeleriň berjaý edilişi barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlar­y diňläp, d­egişli ýolbaşçylara a­nyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň barşynda Lebap welaýatynyň häkimi Durdy Genjiýew hem çykyş edip, sebitde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi bilen baglylykda welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häkime ilatyň arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz, ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi