Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy aprelde Türkmenabat şäherinde geçirilen göçme mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanow nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde Lebap welaýatynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Lebap welaýatynda hem nebitgaz toplumy tarapyndan zerur işler amala aşyrylýar. Hususan-da, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazy sarp edijilere ygtybarly ýetirmek üçin dürli basyşly gaz geçirijilere, gaz paýlaýjy beketlere, gaz sazlaýjy enjamlara netijeli hyzmat edilýär. Ýerasty baýlyklary gözlemek we ýüze çykarmak, ýerasty suwlaryň gorlaryny artdyrmak maksady bilen, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň gidrogeologlary tarapyndan Lebap welaýatynyň çäklerinde buraw işleri giň gerimde alnyp barylýar.
Wise-premýer hasabatynda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägini, «Malaý», «Naýyp», «Kükürtli», «Balguýy», «Gazojak», «Kerpiçli», «Bagaja» gaz känlerini senagat taýdan özleşdirmek, içerki sarp edijileri we eksport ugurlaryny tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän degişli işler barada hem aýtdy.
Welaýatyň çäginde ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň, «Bagajadaky», «Naýypdaky» suwuklandyrylan gazy öndürýän desgalaryň kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak babatda zerur işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň, şol sanda Lebap welaýatynyň tebigy baýlyklaryny, nebitgaz gorlaryny netijeli ulanmak üçin toplumyň edara-kärhanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyryp, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi, buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy, gaz çykarylýan guýularda abatlaýyş işlerini öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy.