744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
11.04.2026
Awtobanyň Mary — Türkmenabat bölegi üçin halkara sylaglar gowşuryldy

10-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasynyň barşynda abraýly halkara düzümleriň wekillerine hem söz berildi. Olar täze ýoluň mynasyp bolan halkara sylaglaryny gowşurdylar.

Ilki bilen, Fransiýanyň «Grenobloise d’Elektronique et d’Automatismes» kompaniýasynyň täjirçilik we marketing boýunça direktory Luis Felipe Duke Willegas çykyş etdi. Ol «Grenobloise d’Elektronique et d’Automatismes» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen geljekki infrastruktura taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Luis Felipe Duke Willegas bu möhüm taslamanyň wideogözegçilik we töleg ulgamlarynyň ýokary halkara hil standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany; töleg ulgamlarynyň taslamalaşdyrylyşy, ulanylyşy we tehniki hyzmaty boýunça işleriň ýokary hilli dolandyryş ýörelgelerine laýyklykda alnyp barlandygyny tassyklaýan ISO 9001 şahadatnamasyny; maglumat howpsuzlygynyň ýokary derejesini, ulanyjylaryň şahsy maglumatlarynyň, maliýe amallarynyň we möhüm infrastrukturanyň kiberhowplardan ygtybarly goralýandygyny tassyklaýan ISO 27001 şahadatnamasyny; ýokary tizlikli awtomobil ýolunda daşky gurşawy goramak boýunça jogapkärli çemeleşmäni tassyklaýan we ähli işleriň gurşawa ýetirýän täsirini azaltmaga gönükdirilendigini tassyklaýan ISO 14001 şahadatnamasyny; ölçeg enjamlarynyň ýokary takyklygyny, gözegçilik ulgamlarynyň dogry işleýändigini, ähli amallaryň aýanlygynyň we adalatlylygynyň üpjün edilýändigini tassyklaýan ISO 10012 şahadatnamasyny gowşurdy.

Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň «Shandong Jiangfeng New Material Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň wekili Dong Guosen çykyş etdi. Ol bu taslamanyň ýurdumyzyň ýol infrastrukturasynyň howpsuzlygyna we durnuklylygyna saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, «Shandong Jiangfeng New Material Technology» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen geljekki infrastruktura taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Myhman ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ýol demir germewleriniň taslamasynyň we hasaplamalarynyň halkara ýol howpsuzlyk kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurdy. Onuň gurluşygynda ulanylan inženerçilik çözgütleri we materiallaryň berkligi, çeýeligi, uzak möhletliligi iň ýokary halkara standartlara laýyk gelýär hem-de ISO 1461, EN1317 Ýewropa standartynyň halkara ýol howpsuzlygy kadalaryna gabat gelýär. Çykyşynyň ahyrynda Dong Guosen bu möhüm taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen hormatly Prezidentimizi we türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi