744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
11.04.2026
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi ulanmaga berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 10-njy aprelde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinde çykyş etdi we hemmeleri bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, täze ýoluň geçýän ugrunda ýolagçylar, sürüjiler üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Ýoluň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek üçin halkara standartlara laýyk gelýän köp sanly köprüler, suw geçirijiler, ýörite geçelgeler, ýangyç guýujy beketler bina edildi. Ulag serişdelerine hyzmat ediş, gözegçilik we dolandyryş ulgamlary göz öňünde tutuldy.

“Ahal, Mary hem-de Lebap welaýatlaryny ýurdumyzyň paýtagty bilen birleşdirýän bu ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýolagçylaryň we ýükleriň örän gysga wagtda gatnadylmagyny üpjün eder. Diýarymyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukyby, logistik hyzmatlaryň hili ep-esli ýokarlanar. Ol sebitleriň ösmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna güýçli itergi berer” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bu ýerde görkezilen wideoşekil arkaly ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň gurluşygy hakynda giňişleýin maglumat berildi. Soňra dabara gatnaşýan abraýly halkara düzümleriň wekilleri çykyş etdiler. Olar täze ýoluň mynasyp bolan halkara sylaglaryny gowşurdylar.

Açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz il sylagly ýaşulular bilen söhbetdeş bolup, olar bilen hal-ahwal soraşdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesdi.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi 6 sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, her hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metrdir. Täze awtobanyň ýol örtügi birinji derejeli döwrebap serişdelerden — ýokary hilli asfalt-betondan, sintetik örtükden, torlardan, ýoluň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan beýleki serişdelerden ybarat bolup, olar ýol örtüginiň, köp gatly ýer düşeginiň göterijilik ukybyny artdyrmak üçin ulanylýar.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açylandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtomobilleriň hereketine ak pata berdi we awtoulagda awtobanyň ugry bilen ýola düşdi. Ýolugra döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşyjylar mähirli mübäreklediler. Ýokary tizlikli täze awtomobil ýolunyň ugrunda ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Dabara tamamlanandan soňra, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçarda Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline ugrady. Ol ýerden hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyza tarap ugur aldy.

Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Lebap welaýatynda düýn ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy mynasybetli toý sadakasy hem berildi.

Umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylda girişilipdi. Bu ýoluň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylda, Tejen — Mary bölegi bolsa 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berildi. Bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ählumumy ulag ulgamyna goşulyşmagy bilen bir hatarda, halkara ulag geçelgelerini işjeňleşdirmekde-de uly ähmiýete eýedir.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi