10-njy aprelde Türkmenabat şäherinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylaryny bellemek hakynda Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Karar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň göçme mejlisinde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň we ony ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin bu ugurdaky agzalan Karara gol çekip, wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowa degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Hökümet mejlisinde 16-njy aprelde Aşgabatda geçiriljek Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda ileri tutulýan ugurlara degişli birnäçe meselelere seretmegiň meýilleşdirilýändigi hakynda aýdyldy.