744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
13.04.2026
Birža söwdalarynda nebitgaz senagatynyň önümlerine isleg artdy

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerine birža söwdalarynda bildirilýän isleg yzygiderli artýar. Muny geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň mysalynda-da aýtmak bolar.

Geçen hepde birža söwdalaşyklarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Şolaryň arasynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümlerini satyn almak bilen bagly geleşikleriň hem köpüsi bar.

Hususan-da, daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň hem-de Özbegistanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, Owganystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtoulag benzinini daşary ýurt puluna satyn aldylar.

Mundan başga-da, BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine bugdaý uny, nah ýüplük, pagta soapstogynyň çig we distillirlenmedik ýagly turşulygy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazarda ýurdumyzyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen jemi bahasy 61 million 120 müň manada deň bolan polipropileni, binýatlyk ýagy, gaplaýyş plýonkasyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Olar şeýle hem nah ýüplügi we nah matany satyn aldylar.

 

Çeşme: "Türkmenistan" gazeti